Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ýaşlara aýratyn hyjuw bilen okamaga itergi berýär, olaryň Watanymyzyň ägirt şan-şöhratyny has-da artdyrmaga özboluşly goşant goşmaklaryna giň ýol açýar.
Halkymyzyň, esasan-da ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan isleg barha artýar. Dil islendik halkyň medeni-mirasynyň açarydyr. Dil öwrenmek halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” Karary bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Orta mekdep okuwçylarynyň dünýä dillerini çalt öwrenip, söz baýlygyny artdyrmaklary üçin, ilkinji nobatda, olaryň arasynda sözleýiş diliniň köp ulanylmagyna üns berilýär.
Geçilýän sapaklarda olaryň biri-birleri bilen sorag-jogap alyşmaklary, görkezme esbaplaryndan, wideoýazgylardan peýdalanylmagy, dünýä dillerinde ýazylan kiçi göwrümli eserleriň terjime edilmegi, sözleýiş diliniň ösdürilmeginde ähmiýeti uludyr. Bu babatda häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar.
Şohnoza ŞARIPOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy