Sanly ulgam häzirki döwürde ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Mekdeplerde kompýuterler, interaktiw tagtalar we internet serişdeleri okuwçylaryň maglumatlary çalt kabul etmegine mümkinçilik berýär. Şeýle serişdeler arkaly mugallym diňe bir maglumat beriji däl, eýsem ýol görkeziji hökmünde çykyş edýär. Bu ýagdaý okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegini we döredijilik ukyplaryny ösdürýär.
Döwrebap okatmak usullarynyň aýratynlyklary
Sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly okatmak usullary interaktiw we gatnaşyga esaslanýar. Mysal üçin, wideo sapaklar, onlaýn testler we bilim platformalary okuwçylaryň derse işjeň gatnaşygyny ýokarlandyrýar. Şeýle usullar maglumatlary diňe diňlemek däl-de, görmek, ýerine ýetirmek we seljermek arkaly özleşdirmegi üpjün edýär.
Okuwçylaryň sanly başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary
Mugallymlar okuwçylara diňe maglumat öwretmek bilen çäklenmän, olaryň sanly başarnyklaryny hem ösdürmelidir. Programma üpjünçiligi bilen işlemek, maglumat gözlemek, maglumatlary seljermek ýaly başarnyklar häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Bu başarnyklar okuwçylary geljekde ýokary bilim almaga we hünär saýlamaga taýýarlýar.
Mugallymyň roly we pedagogik çemeleşmeler
Sanly ulgam şertlerinde mugallymyň wezipesi has giňelýär. Ol täze tehnologiýalary ulanmagy başarmaly, sapaklary gyzykly görnüşde guramaly we her okuwçynyň aýratyn ukybyna laýyklykda çemeleşmeli. Şeýle pedagogik usullar okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyryp, olaryň okuw prosesine bolan höwesini güýçlendirýär.
Aýşöhle Erkäyewa
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 313-nji toparynyň talyby


