Hytaý dili – dünýäniň iň kyn dilleriniň biri hasaplanýar. Sebäbi bu dilde harp, şol sanda elipbiý bolman, bogunlary
aňladýan müňlerçe iýeroglif bar. Adaty hytaýça, esasan, Hytaýda we Singapurda gepleşilýär.
Tai dili – bu dil has köp «siam» ýa-da «merkezi tai» ady bilen tanalýar. Tai Tailandyň resmi dilidir. Tai-Kadai dil
maşgalasyna degişli bolan tai dili çylşyrymly ýazuw elipbiýi we alamatlary bilen tanalýar.
Alban dili – Albaniýanyň we Kosowanyň resmi dili bolan albança Bolgariýada we Demirgazyk Makedoniýa
Respublikasynda ýaşaýan az sanly albanlaryň arasynda ulanylýar. Irki döwürlerde Çernogoriýada, Italiýada we
Gresiýada ýaşaýan gadymy halkyýetler albança gepleşipdirler. Hindi-Ýewropa diller maşgalasyna degişli hem bolsa
albança meňzeş başga diliň bolmazlygy ony iň kyn dilleriň sanawyna girizmäge esas döredýär.
Ýapon dili – Ýapon dilinde 140 milliona golaý adam gepleýär. Ýapon dili altaý dil maşgalasynyň düzüminde bolup, ol
grammatik gurluşy boýunça agglýutinatiw dillere degişlidir. Katakana we hiragana atly iki bogunly elipbiý esasynda
öwrenilýän bu dilde 2 müňe golaý iýeroglif bardyr.
Koreý dili – Koreý dili Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň resmi dilidir. Bütin
dünýäde 80 milliondan gowrak adam bu dilde gepleşýär. Koreý diliniň grammatikasyny we söz düzümini kesgitlemek
gaýry dilde gepleýänleriň köpüsine kyn düşýär. Şol sebäpli koreýçe dünýäniň iň kyn dilleriniň biri hasaplanylýar.
Pars dili – Pars dili hindi-ýewropa dilleriniň Hindi-Eýran bölegine degişlidir. Owganystanda, Eýranda, Täjigistanda we
Pars täsiri bolan beýleki ýurtlarda ulanylyş gerimi ýokary bolup, bütin dünýäde 110 million töweregi adam bu dilde
gepleýhttps://gorogly.com/makalalar/programmirleme-dilleri/är.
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy