Dil – milletiň ruhy, taryhy we medeni mirasydyr. Ol halkyň ýüreginiň sesi, ata-babalarymyzyň bize galdyran pähim-paýhasynyň hazynasydyr. Ol biziň geçmişimiz, şu günümiz hem-de geljegimizdir. Ene dili – her bir adam üçin iň gymmatly, iň mähirli mukaddeslikdir. Çünki ene dili bize ilkinji söýginiň, mähribanlygyň we özboluşly şahsyýet bolup kemala gelmegiň açarydyr.
Her bir adam dünýä inende, ilki bilen ene diliniň mährine beslenýär. Ejemiziň heýjana çümüp aýdýan “balam” diýen sözi biziň kalbymyza ebedilik ornaşýar. Ene dili – her bir halkyň kimligini, medeni mirasyny, beýikligini alamatlandyrýan gymmatly mirasdyr. Dil bolmasa, millet ýokdur. Çünki halky halk edýän, ony beýgelden zat – onuň dili we ruhydyr.
Türkmen dili, müňýyllyklaryň synagyndan geçen, paýhasly şahyrlaryň, edermen batyrlaryň, pähimli pederlerimiziň ruhuny siňdiren beýik dildir. Ol ençe asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýetdi. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyndan doly goşgulary, Görogly begiň batyrlygyň belent nusgasyny görkezýän dessanlary, halkyň dili bilen aýdylan nakyllar – bular hemmesi ene dilimiziň ebedi hazynasydyr. Biziň borjumyz bolsa, bu mirasy goramak, ony nesilden-nesle geçirmekdir.
Ene dili diňe bir gepleşik serişdesi däl, ol milletimiziň ruhy galkynyşynyň belent binýady, milli mertebämiziň aýrylmaz bölegidir. Bir halk öz dilinden ýüz öwürse, ol öz geçmişinden, medeniýetinden hem-de ata-babalarynyň wesýetinden hem ýüz öwürýär.
Şonuň üçin biziň borjumyz – türkmen dilini hormatlamak, ony ösdürmek we dünýä ýaýmakdyr. Biz öz ene dilimizde gürleşsek, ony öwrenip, ösdürsek, onda biz diňe bir dili goramak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň abraýyny hem beýgeldýäris.
Türkmen dili – owazy bilen kalplary joşdurýan, manysy bilen adamzat paýhasyna öwüt-ündew edýän, beýik medenýetiň dildir. Onuň her bir sözi, her bir jümlesi bize pederlerimiziň ruhuny, ata Watanymyzyň mährini duýdurýar.
Goý, ene dilimiz ebedi ýaşasyn!
Ene dili – buýsanjymyz, mertebämiz hem geljegimizdir!
Söýünowa Perdegül Mämedowna,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy


