Adam hakynda düşunje
Adamy, onuň gelip çykyşyny we düýp manysyny anyklamak, ýaşaýşynyň manysyny kesgitlemek, ýagşylyk, ýamanlyk, deňlik, bagt, erkinlik, adalatlyk ýaly meseleler filosofiýada adam problemasyny düzýär. Adam problemasy filosofik antropologiýanyň baş meselesidir. Adam tebigatyň iň ýokary gurlan bölegi bolup, biz muňa barlyk problemasyny onuň düýp manysynda,ösüşinde seljeren wagtymyzda aýdyň göz ýetirip bildik. Barlygyň öz kesgitlemesinden ösýän barlygyň zynjyrynda iň ýokarky halkanyň adamdygy gelip çykýar. Şonuň üçinem adam problemasy dünýäni tutuşlygyna öwrenýän bütin dünýä filosofiki pikiriniň merkezinde duran problemadyr. Gadymy akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, adam üçin onuň özünden gyzykly obýekt ýokdur.
Adamyň köpölçelegi
Adam paýhasy nähili abstrakt, tebigy-ylmy ýa-da praktiki meseleler bilen meşgullanýan-da bolsa, ol pikirlenmeleriň ählisi özleriniň daşky maksatlarynyň bardygyna garamazdan olaryň adamyň özi bilen, onuň içki düýp manysy ýa-da islegleri bilen baglanyşygy hakyndaky pikir bilen utgaşyp gidýändigini görmek kyn däldir. Jemgyýetde bolup geçýän ähli zatlar adamyň eşretli durmuşda, erkin ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrylýar.Şonuň üçinem ynsan işiniň adama gözükmesiniň aradan aýrylmagy bu işi manysyz zada öwürýär.Munuň özi ilki bilen adama bagyşlanan ylymlara mahsusdyr. Adamyň hususy ýüze çykmalaryny biologiýa, medisina, psihologiýa, sosilogiýa we beýlekiler öwrenýär. Filosofiýa bolsa elmydama onuň bitewiligini gazanmaga çalyşýar. Şonuň üçinem filosofiýany öwrenen wagtymyzda biz gadymy grek akyldary Sokratyň : ”Öz özüňe akyl ýetir” diýen sargydyna eýermelidiris.
Adam filosofiýasynyň görnüşleri
Täze döwrüň filosofiýasy adamda ilki bilen onuň ruhy düýp manysyny görüpdir.Tebigat bilimi bu döwürde adamyň tebigatynyň tebigy barlaglarynyň gaýtalanmajak nusgalaryny beripdir.Ýöne bu döwrüň ýene-de bir uly hyzmaty öz hususy manysyna akyl ýetirmek işinde ynsan paýhasyny anatomiýasynyň ykrar edilmegini ýola goýandygyndan ybaratdyr.
- Biologizatorçylyk
Bu taglymatyň tarapdarlary adamy diňe biologik başlangyçlar esasynda düşündirip, adam bilen jemgyýetiň täsirini we şahsyýetiň tebigy saýlawyny düýbünden göz öňünde turmaýarlar. Bu ugruň tarapdarlarynyň biri T.Maltusdyr (XVIII asyr). Ol jemgyýetçilik ýaşaýşyny aýratyn alnan adamlaryň ýaşaýyş ugrundaky göreş meýdany hökmünde düşündirýär. Onuň pikirine görä, bu meýdanda ejizler ýok bolup, güýçliler ýeňýär (başgaça aýdylanda jemgyýet haýwanat dünýäsine meňzeş).
XIX-XX asyrlarda sosial-darwinizm akymy hem bu pikiri dowam edip, Ç.Darwiniň tebigy seçgi we ewolýusiýa taglymatyna daýandylar.
- Sosiologizatorçylyk
Bu taglymaty biologizatorçylygyň tersine adamyň kemala gelmeginde jemgyýetiň täsirini absolýutlaşdyrýar. Akymyň wekilleriniň pikirine görä, adamy gurşap alan sosial sreda nähili bolsa, adam hem şoňa laýyk bolýar. Olar adama jemgyýetiň ýamanlygynam, ýagşylygynam edil ýüz görülýän aýna ýaly şöhlelendirýän görnüşde seredýärler. Adamyň ýaman, gaharjaň bolmagyna kämil bolmadyk jemgyýetçilik gatnaşyklar we nädogry terbiýe täsir edýär diýen pikirleri öňe sürýärler. Olar adam üçin kämil, gowy şertler döredilse ol kämil bolar diýen pikire ýykgyn edýärler. Bu bolsa sosial utopizmiň (bu pikirler magaryfçylar döwründen başlap K.Marksyň pikirlerinde dowam edip, onuň netijesinde dörän sosializm döwründe tejribede ulanyldy) esasy ýörelgesidir.
Geldiýew Guwanç
Türkmen oba hojalyk instituty 2-nji ýyl talyby