Fransuz dili we Fransiýanyň özi hemişe owadanlyk, ajaýyplyk we söýgi bilen baglanyşdyrylýar. Köplenç adamlar fransuz dilini zerurlyk üçin däl-de, eýsem gözelligi üçin öwrenmäge başlaýarlar. Fransuz dilini öwrenmegiň ähli sebäplerini jemlesek, sanaw şeýle bolar:
Fransuz dili meşhurlygy boýunça iňlis dilinden soňra ikinji ýerde durýar, 5 yklymda 250 million adam fransuzça gürleýär.
Fransuz dili dünýäniň fransuz kompaniýalarynda işlemek üçin gapylary açýar.
Fransuz dili-halkara aragatnaşyk dili bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň resmi dilidir.
Fransiýada ýokary bilim almak ähli fransuz dilini bilýän daşary ýurt talyplaryna elýeterlidir.
Fransiýa syýahatçylary kabul etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.
Fransuz dili ispan, italýan, portugal we rumyn şeýle hem iňlis dillerini öz içine alýan Romans dil toparynyň dillerini öwrenmek üçin ajaýyp esasdyr.
Fransuz dili dünýäniň iň owadan dilleriniň biridir, ony öwrenmek bolsa köp lezzet we ýakymly duýgular getirýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby




