“Ölüm deňzi” diýlip atlandyrylan Kuzupçi çöli Hytaýyň iň uly Gün fermasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamasynyň merkezine öwrüldi. NASA-nyň hemra suratlary Içerki Mongoliýadaky jansyz çäge aňňatlarynyň soňky on ýylda Gün panelleri bilen örtülip, näderejede özgerendigini görkezdi. Taslama 2030-njy ýyla çenli tamamlanar. Şondan soň onuň uzynlygy 400 kilometre, ini – 5 kilometre, umumy kuwwaty bolsa 100 gigawatta ýeter.
Global Solar Power Tracker-iň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaý boýunça Hytaý 386 875 megawattlyk Gün energiýasy kuwwaty bilen dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu dünýä boýunça görkezijiniň 51%-idir. ABŞ 79 364 megawatt (11 göterim) bilen ikinji ýerde, 53 114 megawatt (7 göterim) bilen Hindistan üçünji ýerde durýar. Hytaýda Gün energiýasynyň ösüşi soňky on ýylda has çaltlaşdy. 2017-2023-nji ýyllar aralygynda ýurduň hereketdäki Gün kuwwaty ýylda ortaça 39 994 megawatt artdy. ABŞ-nyň Gün kuwwaty şol döwürde ortaça 8 137 megawatt artdy.
Saryýewa Gülşirin
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby


