Iňlis dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, garaşylmadyk açyşlardan we gyzykly faktlardan doly bir aýratyn dünýädir.
- Iň baý dil:
Iňlis dili dünýäniň iň baý dilleriniň biri hasaplanýar. Her ýyl iňlis sözlügine 4000 töweregi täze söz goşulýar.
- William Şekspiriň täsiri:
William Şekspir iňlis diliniň ösmegine uly täsir edipdir. Ol häzirki wagtda sözleýişde ulanylýan 1700-den gowrak täze sözi düzüpdir.
- Global dil:
- Iňlis dili 67 ýurtda resmi dil.
- Bütin dünýäde kompýuterlerde saklanýan maglumatlaryň 80% -den gowragy iňlis dilindedir.
- Iňlis dili howa gatnawynyň resmi dilidir.
- Palindrom sözleri:
Iňlis dilinde çepden saga we sagdan çepe birmeňzeş okaýan palindrom sözleri bar, mysal üçin “level”, “radar”, “madam”.
- Iň uzyn söz:
Sözlüklerde tapylan iň uzyn iňlis sözi 45 harpdan ybarat: “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanoconiosis”. Bu öýken keseliniň aýratyn görnüşiniň ady.
- “E” harpy:
“E” harpy iňlis dilinde iň köp ulanylýan harpdyr. Iňlis sözleriniň takmynan 11% -de “E” harpy bardyr.
- “I” (men) sözi elmydama baş harp bilen ýazylýar:
Diňe iňlis dilinde “I” (men) ýeke-täk çalyşma hemişe baş harp bilen ýazylýar.
- Birmeňzeş sözler:
Iňlis dilinde birmeňzeş sesli, ýöne dürli manylary berýän üç söz “to”, “too”, “two”.
- Sözleriň gelip çykyşy:
Iňlis dili latyn, fransuz we skandinaw dilleri ýaly başga-da köp dillerden sözleri özünde jemländir.
- Dialektler:
ABŞ-da iňlis diliniň 24 dürli şiwesi bar.
Iňlis dili hemişe ösýän we geň galdyrmagy dowam etdirýän dil.
Kunduz Abdusalamowa,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy


