Başlangyç synplardan başlap çagalara iñlis dili sapagyna bolan höwesi döretmek möhimdir. Sebäbi dil õwredilmegi 6 ÿaşdan okuwçylaryñ fiziki hem-de akyl taýdan õsüşlerine gabat gelÿàr. Bu barada Muhammet Pygamberimiz şeyle diýipdir: “Ýaşlykda alynan bilim daşa oýulyp çekilen nagyş ýalydyr”.
Şeýlelikde şu ýaśdaky çagalaryñ sõzleÿiş mehanizmi heniz bekeşmedik,aýratyn ýatkeşligi oña sesleri, sõzleri durnukly aÿtmaga leksik we grammatik endiklerini hem-de başarnyklaryny tiz ele almaga ýardam edÿär. Irki ýaşdan dil öwretmek okuwçlaryñ añ-düşünjesi giñelýär.
Men öz synplarymda “Meniñ tugum” diýen temany öwredenimde okuwçylaryma Watan hakyndaky düśünjesini ösdürýàrin,watançylyk duÿgularyny terbiýeleÿärin, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza we milli döwlet tugumyza söÿgi döredýärin. Sapakda multimediÿa tagtasynda tugumyzyñ reñkli suratyny ulanyp iñlis dilinde milli haly gölleri, Dik aýy we baş sany ýyldyzlary, zeýtun pudajygynyñ taryhyny manysyny düşündirýärin. Tàze temada iñlis dilinde tug, haly göli, zeýtun pudajygy, aý we ýyldyz sözlerini öwredýärin. Sapakda şol bir wagtda köp sanly görkezme esbaplaryny ulanyp ene dili,matematika,surat,tebigat sapaklary bilen baglanyşdyryp sapagyñ hilini täsirliligi ýokarlandyrýaryn.
Bilim derejerini barlamak maksady bilen ýatdan görkezip çözülýàn reñkli slaýdlar arkaly barlag geçirÿärin. Bu bolsa okuwçylaryñ özbaśdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.
Çäşemowa Göwher
Daşoguz şäheriniñ 13 -nji orta mekdebiniñ iñlis dili mugallymy.



