Adamzadyň döredip bilen iň täsin we iň peýdaly zatlarynyň biri — kitapdyr. Kitap, bir tarapdan, bilim çeşmesi bolsa, beýleki tarapdan, ruhy güýji güýçlendirýän, kalbyň garaňky ýerlerini ýagtyldýan güneşdir. Her bir okalan kitap, adamyň aňynyň asmanynda täze bir şugla ýaly peýda bolýar.
Kitap — adam ömrüniň ýolbeledi
Durmuşda ýol görkezýän adamlaryň barlygy ýaly, ruhy durmuşda-da ýol görkezýän kitaplar bardyr. Her kitap — bir ýolbelet, bir dost. Ol seniň bilen gürleşýär, soraglaryňy diňleýär, pikirleriňe jogap berýär. Okuwçy üçin kitap diňe sapakda ulanylýan serişde däl, eýsem, öz içki dünýäsi bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mümkinçilik berýän aýna ýaly zatdyr.
Kalbyň güneşi nähili dogýar?
Kitap okamagyň lezzeti birden dörän zat däl — ol duýgy bilen ýetişýär. Mugallymyň ýüreginde kitap söýgüsi bar bolsa, ol söýgi okuwçynyň ýüregine-de geçýär. Ene-atalar öýde kitap açyp otursa, çaganyň ýüreginde hem şol güneşiň ilkinji şuglasy peýda bolýar.
Şeýlelikde, kalbyň güneşi – kitap arkaly dogýar. Ol diňe akyl bilen däl, ýürek bilen okalanda has ýagty bolýar.
Okuwçylaryň arasynda kitap medeniýeti
Zamanyň tizlik bilen ösýän döwründe sanly maglumatlaryň arasynda kitaplaryň sesi käte pes eşidilýär. Emma şonuň bilen birlikde, kitap öz gymmatyny hiç haçan ýitirmeýär. Kitap diňe maglumat çeşmesi däl, ol düşünjäniň, döredijiligiň we pähimiň mekdebidir.
Mekdeplerde kitap bilen baglanyşykly çäreleri geçirmek, okuwçylarda döredijilikli pikirlenişi ösdürýär.
Kitaply mekdep — nurly mekdep
Kitaphananyň gapysy giňden açyk bolan mekdepde döredijilik we ylma bolan höwes hem giňden açyk bolýar. Okuwçy şol ýerde diňe kitap alyp gitmän, öz dünýä garayşyny hem baýlaşdyrýar. Kitaphananyň sessizligi — pikirleriň sesi, kitaplaryň ysynyň arasynda ýürekler ýaşamagy öwrenýär.
Kitap — kalbyň güneşidir. Ol dünýäni diňe ýagtylykda görmäge däl, belki, öz içki garaňkylygymyzy hem ýagtylandyrmaga kömek edýär. Kitap okamak – adamyň özüni ösdürmegiň iň asylly ýoludyr. Şonuň üçin her öýde, her mekdepde, her ýürekde bir kitap bolsun! Çünki gün diňe daşarda däl — kalbymyzda-da dogup bilýär. Ol güneşiň ady bolsa kitapdyr.
Rahataý Sultanowa,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň.başlangyç synp mugallymy




