Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek wezipesi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär.
“Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurabnguly Berdimuhamedow
Tehnologiýanyň ösen döwründe öz ähmiýetini birjik-de kemeltmedik, keramat bilen bakýan bu senedimize kitap diýilýär. Okamak, adamlar üçin aňsat we täsirli usuldyr. Wagtymyzy telewizoryň ýa-da internede bisarpa güýmenmezden, maglumat çeşmesi bolan kitap okamak has peýdalydyr. Biziň gazanan üstünligimiz hem şu güne çenli alan bilimlerimiziň miwesidir. Şeýle-de bolsa, häzirkizaman tehnologiýasynyň çalt ösmegi öwrenen maglumatlarymyzy has kämilleşdirmeli we artdyrmaly bolup durýarys.
Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, oňa öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýandyrýan dostdyr. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesidir. Kitabyň peýdasyny dile almazdan öňürti beýik söz ussatlarynyň, meşhur şahsyýetleriň durmuşynda nähili ornunyň bardygyny seljersek ýerlikli bolar: … Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz (Magtymguly Pyragy)
***
Eger näme ederiňi bilmeseň, kitaphana bar (Britan ýazyjy zenany J.K.Rowlig “Garri Potter we gizlin otag” eserinden)
***
Okamak – ýagtylyk, okamazlyk bolsa, ahyry görünmeýän tümlükdir. (Gruzin ýazyjysy E.Krobkiý)
***
Kitap- akylyň perzentleridir. (Irland ýazyjysy Jonatan Swift)
***
Kitap okamagy bes etmek – pikirlenmegi bes etmekdir. (Fransuz ýazyjysy D.Didro)
***
Kitapsyz geçen gün – çöreksiz iýlen nahar. Kitapsyz öý – Gün şöhlesi düşmedik bulaşyk howa. Kitapsyz pikirlenmek – ganatsyz guşuň uçmaga meýil etmegidir. (XV asyr kitaphanalarynyň gapysyndaky ýazgylaryndan)
Kitabyň ylmy-psihologik tarapdan aňy ösdürijilik, ýatkeşligi kämilleşdirmek ýaly, durmuşy jähtden bolsa, jemgyýetçilik sferasynda ornuňy tapmaga kömek bermek ýaly käbir peýdaly taraplarynyň bardygyny aýratyn nygtamasak-da, öz-özünden düşnüklidir.
Atadurdy ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby