Häzirkizaman dünýäsi ösýär, tehnologiýalalar kämilleşýär, biziň dünýäni göz öňüne getirişimiz hem üýtgeýär. Okuwçylaryň, talyplaryň aglaba bölegi wagty tygşytlamak maksady bilen kitaplary elektron görnüşinde okamagy halaýarlar. Emma bu kagyz görnüşindäki kitaplaryň aradan aýrylýandygyny ýa-da onuň ähmiýetiniň peselýändigini aňlatmaýar. Soňky wagtlar okamaklygyň ýoňlugy baradaky jümle ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan ulanylýar.
Häzirki zaman kitaplary adamzadyň ösüşinde uly orun eýeleýär. Ol ýagşy bilen ýamany saýgarmaga, dünýägaraýşy kämilleşdirmäge we gözellik duýgusyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär.
Okamaklyk diňe bir dürli ugurlardaky bilimlerimizi giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem çalt pikirlenmäge, ýatkeşligi gowulandyrmaga, döredijilikli we innowasion pikirlenmäge mümkinçilik berýär. Baý maglumatlara eýe bolan adamyň dünýägaraýşy giňdir. Köp okamak ömrüň manysyny artdyrýan endikdir. Umuman, okamak biziň pikirimiz, hyýalymyz we pikirlenmek ukybymyzdyr. Kitap ajaýyp özgerişler dünýäsidir, ony okamak arkaly biz beýleki adamlaryň derdini, gaýgylaryny, şatlygyny we bagtyny görýäris.
Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary döwründe sanly enjamlaryň we internediň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidigini nazara alyp, häzirki ösen tehnologiýalar döwründe kitap okamaklygyň zerurlygy, jemgyýetdäki ähmiýeti barada gyzyklanma döreýär. Galyberse-de, kitap diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem pikirlenmäni, bilimi we güýmenjäni ösdürmek üçin güýçli guraldyr.
Emma häzirkizaman dünýäsinde ol näderejede möhüm we zerur?
Kitap çuňňur pikirlenýän we aň taýdan ösen jemgyýetiň möhüm aýratynlygydyr. Ol gözýetimimizi giňeltmäge, geçmişimizi öwrenmäge we geljegimiz hakda pikirlenmäge uly mümkinçilik berýär. Kitap, köp taraplary we manylary bolan edebi eser bolup, bizi hyýal ganatlarymyzy gerip, başga bir wagta alyp gitmäge ukyplydyr. Kitaplaryň kömegi bilen öz-özüňi terbiýelemek, ylym, sungat we pelsepe dünýäsine çümüp bileris. Mundan başga-da, kitaplar bilimiň aýrylmaz bölegidir. Ol sowatly ýazmagyň düzgünlerini özleşdirmäge, sanamaga, matematiki formulalar hakda pikirlenmäge we dil bilimini özleşdirmäge kömek edýär. Okamaklygy ösdürmek arkaly ýatkeşligimizi, logiki pikirlenmegimizi we maglumatlary seljermek we derňemek ukybymyzy gowulandyrýarys. Okamak bizi has kämil derejä ýetirýär. Kitap tekjesiniň baýlygy ylhamyň, paýhasyň we täze pikirleriň çeşmesidir. Kitap beýleki adamlar bilen aragatnaşyk serişdesidir. Edebi klublarda ylmy jedeller we pikir alyşmalar biziň aragatnaşyk we diňleýiş endiklerimizi ösdürýär. Kitaplar adamlary we olaryň duýgularyny birleşdirýär. Kitabyň güýmenje wezipesini ýatdan çykarmaly däldiris. Kitap okamklyk gündelik aladalardan gutulmaga we başdan geçirmeler hem-de hyýal dünýäsine çümmäge mümkinçilik berýär. Okamak lezzetiň we dynç almagyň iň ygtybarly çeşmeleriniň biridir.
Diýmek, häzirki zaman jemgyýetinde kitap okamaklyk zerurmy?
Elbetde zerurdyr. Taryhy ýazga geçirmekde we ony köpçülige ýetirmekde kitaplar medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edýär. Döwrebap tehnologiýalara garamazdan kitaplar aktual we zerur bolup galýar. Olar durmuşymyza ylham berip, baýlaşdyryp we üýtgedip biljek edebi, bilim, aragatnaşyk we güýmenje guralydyr. Çünki kitap adamyň iň gowy dostudyr.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby