Esasan sanly döwürde ýaşaýandygymyz sebäpli, programma üpjünçiligi öndürijiligi ýokarlandyrmaga we iş ýüküni dolandyrmaga okuw programmalary ep-esli kömek edip biler.
Talyplar we okuwçylar öý işleri, synaglar we goşmaça okuwlar bilen meşgullanmakda hemmesini bilelikde saklamak, ünsi jemlemek we hemme zady ýerine ýetirmek babatda kynçylyk döräp biler. Şonuň üçin kompýuterlerde öwrenmek we bar bolan gurallary ulanmak üçin mugt programmalary tapmak gaty möhümdir.
Ýazuw we grammatika gurallaryny, wideo, ses we PDF redaktirleme programmalaryny we öndürijilik programmalaryny öz içine alýan iň oňat peýdaly okuw programmalary:
Icecream PDF redaktory
Okuw sapaklary we ýyllyk işleri ýerine ýetirilende, köplenç PDF faýllary bilen işlenýär we olary redaktirläp bolmazlyk işiň gidişine päsgelçilik döredýär. Bu, PDF formatynyň çäklendirmelerinden biri, ýöne ýönekeý çözgüt bar — Icecream PDF Redaktor. Ol hem PDF formaty ýaly, emma PDF resminamalarynda teksti gönüden-göni redaktirläp bolar. Şeýle hem şekiller ýaly beýleki obýektleri redaktirläp, şekilleriň ýerini üýtgedip we tutuş tertibi üýtgedip bolar.
Mundan başga-da, programmany ulanmak gaty aňsat we işlemek üçin güýçli kompýuter ýa-da noutbuk talap etmeýär.
Grammarly
Grammarly öwrenmek üçin aýrylmaz programma öwrüldi. Bu giňişleýin orfografiki we grammatikany barlaýjy, emma mugt wersiýada-da has köp zat edýär.
Okuw programmasyny özbaşdak programma hökmünde ulanyp bilersiňiz, oňa Microsoft Word ýaly çeşmelerden resminamalary ýükläp bolar. Şeýle hem, Google Chrome üçin giňeltme hökmünde elýeterlidir. Google Docs ýaly gurallary ulananyňyzda, giňeltme işiňizi awtomatiki gözden geçirer we ýazanyňyzda üýtgeşmeleri görkezer. Esasy üýtgeşmeler ýazuw we grammatiki ýalňyşlyklary öz içine alýar, ýöne sintaksis we söz ulanylyşy hem barlanýar. Premium wersiýasy sözlemiň gurluşyny hem seljerýär we has gowy ýazuw çözgütlerini teklip edýär.
Goodnotes
“Goodnotes” sanly bellikleri almak, düşündiriş bermek we guramak üçin meşhur okuw programmasydyr. “IPad” we “iPhone” enjamlary üçin elýeterlidir.
Programma, sanly ýazuw depderçelerini döretmäge we tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär, onda golýazma belliklerini alyp bilersiňiz, diagrammalary, pikirleri çyzyp bilersiňiz we PDF resminamalaryny annotirläp bilersiňiz.
Okuw programmasy, golýazma belliklerini gözlenýän tekste öwürýän golýazmany tanamak tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, programma “Apple Pencil” bilen basyş duýgurlygy bilen “iPad”-da hakyky ýazuw we çyzgy üpjün etmek üçin işleýär.
“Goodnotes” ulanyjylara faýllary kategoriýalaşdyrmak we dolandyrmak üçin bukjalary we bellikleri döretmäge mümkinçilik berýän çeýe gurama opsiýalaryny hödürleýär. Mundan başga-da, iCloud arkaly enjamlaryň arasynda sinhronlamagy goldaýar, şonuň üçin bellikleriňize islendik ýerden girip bilersiňiz we işiňizi ýitirmersiňiz.
Bu okuw programmalaryndan peýdalanyp, okuwy we işleri aňsatlaşdyryp bolar.
Ýatlamaly beýleki mynasyp programmalar we hyzmatlar:
- Faýl paýlaşmak üçin Dropbox,
- Işi guramak we bellik almak üçin Microsoft OneNote,
- GIMP mugt surat redaktory we raster grafikasy bilen işlemek üçin gural hökmünde,
- Habarlar arkaly beýleki talyplar we mugallymlar bilen habarlaşmak üçin Skype.
Gülpamyk Ýazmuhammedowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby