Kosmos barlaglarynyň çäkleri giňeldigçe, alymlar älem giňişliginiň ynsan bedenine we psihologiýasyna ýetirýän täsirlerini öwrenmegini dowam etdirýärler. Golaýda “Artemis II” missiýasynyň ekipažy Aýyň aňarky ýüzüne baryp, 406 müň 771 kilometrlik taryhy syýahaty tamamlady. Uzak möhletli bu uçuşlar, saglyk töwekgelçilikleriniň Ýerdäkidän has tapawutlydygyny görkezýär. NASA-nyň maglumatlaryna görä, kosmosdaky esasy howplar; radiasiýa, izolýasiýa, Ýerden uzaklyk we agyrlyk güýjüniň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.
Agyrlyksyz giňişlikde ýürek we süňkler

Adam bedeni kosmos şertleri üçin ýaradylmandyr. Agyrlyk güýjündäki üýtgeşmeler süňk dykyzlygynyň peselmegine, ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna we beýni-oňurga suwuklygynyň orun üýtgetmegine getirýär.
- Süňk ýitgisi: Dört-alty aýlyk missiýalarda astronawtlar her aý süňk dykyzlygynyň 1-1,5 göterimini ýitirýärler.
- Ýürek-damar ulgamy: Pes agyrlyk güýji gan lagtalarynyň emele gelmegine we gan basyşynyň peselmegine sebäp bolup bilýär.
Gündelik tertip we iýmitleniş
Kosmosda wagt Ýerdäkidän tapawutly işleýär. Halkara Kosmos Stansiýasyndaky (HKS) astronawtlar günde 16 gezek Günüň dogşuna we ýaşyşyna şaýat bolýarlar. Bu ýagdaý uky we sirkad ritmlerine uly täsir edýär. Şeýle hem, astronawtlaryň iýmitleniş tertibi üýtgedilýär; olar diňe bir energiýa almak üçin däl, eýsem kosmosyň ýaramaz täsirlerini deňleşdirmek üçin ýörite taýýarlanan iýmitleri sarp edýärler.
Ruhy saglyk we psihologik synag
Uzak möhletli kosmos syýahaty diňe fiziki däl, eýsem ruhy taýdan hem uly synagdyr. Ýapyk giňişlikde ýaşamak we Ýerden uzakda bolmak; alada we depressiýa töwekgelçiligini artdyrýar. NASA gelejekki Mars missiýalarynyň üstünligi üçin astronawtlaryň psihologik taýdan goldanmagyny esasy wezipe hasaplaýar.
Kosmosda kesellemek
Kosmosda ähli adamly uçuşlarda lukmançylyk goldawyna zerurlyk ýüze çykýar. NASA uçuşdan öňki 14 günlük karantin we doly bedeniň barlagy ýaly çäreler bilen kesellemek ähtimallygyny azaldýar. Şeýle-de bolsa, kosmosda köp maksatly we iň az zyýanly täsiri bolan dermanlar arkaly bejeriş işleri amala aşyrylýar.


