Bilim

Marsda suw joşmalarynyň bolandygy anyklanyldy

Hünärmenler “Zhurong” marsohodunyň gonýan ýeriniň töweregindäki ýerleri, şeýle hem “Feniks”, “InSight”, “Curiosity”, “Perseverance” we “Viking-2”-iň gonýan ýerlerini öwrendiler. Hytaý Ylymlar Akademiýasynyň ylmy barlag topary Pekin uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde Marsdaky Utopiýa Planitiýa howzunda gatlakly ýerasty baýlyklaryň subutnamalaryny tapdylar. Olar jümmüşiň nämeden ybaratdygyny öwrendiler. Gözlegiň netijeleri “Nature” žurnalynda çap edildi.

Marsyň syýahatçylyk kartasy düzüldi

Alymlar howzuň aşagynda azyndan iki gat materialyň bardygyny, ikisiniň hem suwunyň ýokdugyny anykladylar. Olaryň biri takmynan 10-30 metr, beýlekisi 30-80 metr çuňlukda. Adaty marsohodlar bilen enjamlaşdyrylan radarlar gaýadaky buzlary ýa-da lawalary tapawutlandyryp bilmeýär. Şeýlelik bilen, alymlar Marsyň “topragynyň” aşagyndaky adaty bolmadyk gatlaklary düşündirmek üçin teoretiki

gözlegleri geçirdiler. Çuň, köne gatlak, takmynan, 3 milliard ýyl ozal bolan suw joşmasynda has kiçi daşlaryň uly gaýalaryň üstüne düşmegi netijesinde emele geldi diýip çaklaýarlar. Görnüşinden, suw joşmasy örän güýçli bolup, uly daşlary götermegi başarypdyr. Ylmy barlag topary ikinji gatlagyň hem şuňa meňzeş görnüşde – takmynan 1,6 milliard ýyl ozal bolan suw joşmasy netijesinde emele gelip

biljekdigini çaklaýarlar. Tapyndy awtorlary, öňki gözlegleriň dowamynda alymlaryň bu döwürde buzluk işjeňliginiň köp bolandygyny bellediler. Şeýle hem alymlar bu ýerde, haýsydyr bir gatlagyň döremegine sebäp bolup biljek wulkan işjeňliginiň hiç hili subutnamasyny tapmadylar.

 

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın