Metan, kömürturşy gazyndan ýylylygy saklamakda 84 esse güýçlidir, şonuň üçin metany azaltmak global temperaturanyň ýokarlanmagyny çäklendirmegiň iň çalt usulydyr. Bu, diňe bir global ýylylygyň tizligini peseltmek bilen çäklenmän, ilatyň saglygyny we oba hojalygynyň önümçiligini gowulandyrmak ýaly möhüm tarapy hem döreder.
Global temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5 dereje ýokarlanandan soň howanyň üýtgemeginiň iň erbet täsirlerinden gaça durmak üçin gyssagly çäreler zerurdyr. Alymlar has yssy howaly planetada ýüzlerçe million adam üçin azyk ýetmezçiligi bilen birlikde aşa guraklyk, suw joşmalary we ýangynlar barada duýduryş berýärler.
Bütin dünýäde adam işjeňligi umumy metan gazlarynyň 50-65% -ini öndürýär. Metan ýylylygy saklamakda örän güýçli, ýöne kislorod bilen täsirleşýär we takmynan 10 ýylda atmosferadan çykýar, şonuň üçin metan gazlaryny düýpli azaltmak howanyň ýaramaz täsirini çalt azaldyp biler.
Aslynda, 2020-nji ýylda metan gazlarynyň mukdaryny hasaba alyş başlaly bäri kömürturşy gazlary bilen birlikde köp mukdarda ýokarlandy. Netijede parnik gazlaryna garşy göreşmek zerurlyga öwrüldi.
Alymlaryň aýdyşlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli adam tarapyndan döredilen metan gazlaryny 45% azaltmak bizi ozalky çäkden 1,5 Selsiý aşakda saklar. Çaklamalar aşa yssy howa sebäpli 73 milliard sagat işsizligiň we dünýäde 26 million tonna ekin ýitgisiniň öňüni aljakdygyny görkezýär.
Täzegül Hallyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 1-njy ýyl talyby