Metrologiýa grekçe «metreo» — ölçeýärin we «logos» — ylym diýen sözlerden emele gelen ölçegler we ölçeg işleri baradaky ylymdyr. Durmuşda ölçeg işleriniň möhümdigini aýdyp oturmagyň hajaty ýok. Sebäbi adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň şu günki ýagdaýynda ölçeg serişdeleriniň belli bir derejede ulanylmaýan ugruny asla tapmak mümkin däl.
Ölçeg işleri tehnikada, tehnologiýada, gurluşyk senagatynda, ulagda, aragatnaşykda, oba hojalygynda, medisinada, ylymda, senagatda, sportda we beýleki ýerlerde ulanylýar. Jemläp aýdanymyzda, adamzadyň maddy we ruhy durmuşynyň progresiniň häzirki derejesi, esasan, ölçeg işlerine bagly.
Häzirki döwrüň düşünjelerine görä metrologiýa bu ölçegler, olaryň bitewiligi, ölçeg usullary we serişdeleri bilen üpjün edilişi hem-de obýektleriň häsiýetleriniň bellenen takyklygyna ýetmekligiň usullary baradaky ylymdyr.
Kanuny metrologiýa metrologiýanyň döwlet tarapyndan kesgitlenýän we gözegçilik edilýän ölçegleriniň bitewiligini üpjün etmäge gönükdirilen özara baglanyşykly umumy düzgünleriň, şertleriň we kadalaryň toplumyny öz içine alýan bölümidir.
Metrologiýanyň ähmiýeti ölçeg işleriniň orny standartlaşdyrylanda we hili dolandyrmak meselesinde hem örän ulydyr, sebäbi islendik önümiň hili belli bir fiziki ululyklaryň toparyny kesgitlemegiň üsti bilen ýüze çykýar.
Omarow Mukam
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



