Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Halkyň Arkadagly zamanasy: ylym-bilimiň beýik ösüşleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
Mugallymlar Gazetini yüklemek üçin basyn
BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY
I. Umumy düzgünler.
1. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly
bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda
edilýän tagallalary, hormatly Prezidentimiziň eserleriniň
terbiýeçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
halkymyza beren bagtyny makalalarda, hekaýalarda we
goşgularda açyp görkezmekden ybarat.
2 . Bä sleşige hödü rlenilýän i şlerde hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň ylym, bilim
ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir.
Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň
öňdengörüjilikli baştutanlygynda milli döwletlilik ýörelgelerimize daýanyp, ýaş nesli watançylyk we bagtyýar
zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp
barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti wasp edilmelidir.
3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim
işgärleri gatnaşyp bilerler.
II. Bäsleşigin şertleri.
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy hekaýalar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular
döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler çap edilen hem-de elektron
göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän
bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan
senesini, wezipesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon
belgisini görkezmelidir we döredijilik işini «Mugallymlar
gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
III. Bäsleşigin geçirmegin we onun jemini jemlemegin
tertibi.
Bäsleşige hödürlenilen işler bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has
tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda — sentýabr aýynyň birinji
ongünlüginde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Hormat haty, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanarlar