Neýrobiologik barlaglarda ulanylýan agyr we simli enjamlaryň ýerine has ýeňil hem-de hereketli tehnologiýalaryň döremegi beýni gözleglerinde täze mümkinçilikleri açýar. Sinhua uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen Airscope atly simsiz mikroskop bary-ýogy 1 gram agramy bilen bu ugurdaky esasy tehniki çäklendirmeleri azaltmaga gönükdirilendir.
Kiçi ölçeg, giň mümkinçilik
Enjamyň gurluşyna 2 megapiksellik sensor ýerleşdirilip, ol maglumatlary öz içinde gysyp, ýokary tizlikli simsiz aragatnaşyk arkaly geçirýär. Şeýle çözgüt agyr kabelleriň we daşarky enjamlaryň zerurlygyny aradan aýryp, barlag geçirilýän haýwanyň has erkin hereket etmegine şert döredýär.
Airscope 6 millimetrlik görme meýdanynda 4–6 mikrometr takyklykda optiki gözegçilik geçirmäge ukyplydyr.
Müňlerçe neýron bir wagtda yzarlanýar
Barlag toparynyň maglumatlaryna görä, ýörite algoritmler arkaly enjam beýni gabygynyň 14 dürli ýerindäki 8 500-den gowrak neýronyň işjeňligini bir wagtda yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Enjamyň başga bir möhüm aýratynlygy uzak möhletli gözegçilikdir. Gözleglerde beýniniň belli bir bölegine 200 günden gowrak dowam edýän üznüksiz monitoring mümkinçiligi görkezildi.
Bu aýratynlyk neýron işjeňliginiň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgeýändigini öwrenmek üçin uzak möhletli barlaglara ýol açýar.
Tebigy hereket şertlerinde synag
Tehnologiýanyň mümkinçiliklerini barlamak üçin syçanlar giň wolýerde synagdan geçirildi. Olar dürli päsgelçiliklerden geçmek, ýüplere çykmak we sosial gatnaşyklary ýaly 16 görnüşli çylşyrymly hereketi ýerine ýetirip bildiler.
Barlaglar wagtynda beýni gabygynyň işjeňliginiň haýwanyň ýerleşýän ýerine we daşky gurşawyna baglylykda üýtgäp bilýändigi ýüze çykaryldy.
Şeýle şertler neýron işjeňligini diňe bir hereketsiz ýa-da berkidilen ýagdaýda däl, eýsem tebigy hereketiň dowamynda öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Emeli aň maglumatlary seljermäge kömek edýär
Barlaglarda toplanan uly göwrümli maglumatlary seljermek üçin çuňňur öwreniş modellerinden hem peýdalanyldy. Bu modeller neýronlaryň işjeňligine esaslanyp, syçanyň wolýeriň haýsy böleginde we nähili ýagdaýda ýerleşendigini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Neýron signallaryny anyk hereketler bilen baglanyşdyrmak mümkinçiligi beýniniň hereket, giňişlik we beýleki kognitiw proseslerini öwrenmekde täze çemeleşmeleriň ösmegine şert döredýär.
Tehnologiýanyň geljekki mümkinçilikleri
Airscope tehnologiýasynyň ulanylyş mümkinçiligi diňe neýrobiologiýa bilen çäklenmeýär. Çeşmede onuň geljekde immunologiýa we onkologiýa ýaly ugurlardaky biologik prosesleri uzak möhletleýin gözegçilikde öwrenmek üçin hem ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär.
1 gramlyk simsiz mikroskobyň döredilmegi neýrobiologik gözleglerde enjamlaryň agramy bilen baglanyşykly çäklendirmeleri azaltmak bilen bir hatarda, beýni işjeňligini has tebigy şertlerde öwrenmek üçin täze mümkinçilik döredýär.
Mallyýewa Mähri
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby


