Oba hojalygy, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklaryndan biridir. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň ösmegi we howanyň üýtgemegi bilen bu ugurdaky hünärmenleriň kärine bolan talaplar yzygiderli ýokarlanýar. Ökde hünärli işgärleri taýýarlamak oba hojalygynyň durnukly ösüşi üçin esasy faktor bolup durýar.
Häzirki zaman oba hojalygy takyk ekerançylyk tehnologiýalaryny, biotehnologiýany, awtomatlaşdyrmagy we robotlary işjeň ulanýar. Bu tehnologiýalary netijeli ulanmak üçin degişli bilim we başarnykly hünärmenler zerurdyr.
Daýhanlar daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldýan we topragyň hasyllylygyny saklaýan durnukly oba hojalyk usullaryny ulanmagy başarmalydyrlar.
Öz ugruna ökde daýhanlar ekin hasylyny ýokarlandyrmaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga we azyk önümçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyplydyr we olar çykdajylary azaltmak hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmak üçin suw, dökünler we pestisidler ýaly çeşmeleri netijeli dolandyrmagy başarmalydyrlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Türkmen oba hojalyk institutynda, şeýle hem tehniki ýokary-orta hünär mekdeplerde häzirki zaman tehnologiýalary we ekerançylyk usullary öwrenmek, we öwrenilen ylymlary durmuşa geçirip, milli oba hojalygymyza üstünlikli täzelikleri girizmek ýaly bilim usulýetleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bilim alýan talyplaryň oba hojalygy kärhanalarynda işlemekde hakyky tejribe gazanmagy üçin bilim programmalarynda amaly okuwyň paýyny has hem artdyrmak zerurdyr. Ýaş hünärmenleri pudaga çekmek üçin we oba hojalygynda netijeli zähmet çekmek üçin zerur bolan şertleri döretmek möhümdir.
Häzirki hünärmenler üçin täze tehnologiýalary we iş usullaryny özleşdirmekleri üçin ösen okuw ulgamyny guramak zerurdyr.
Hünärine ökde hünärmenleri taýýarlamak oba hojalygynyň geljeginiň özenidir. Bu diňe bir pudagyň netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem oba ýerleriniň durnukly ösüşini hem üpjün eder.
Aşyrberdiýewa Şasenem,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy



