OpenAI kompaniýasy emeli aň tehnologiýalarynyň ylmy gözleglerde we düýpli nazaryýetleriň derňewinde täze gözýetimleri açmaga ukyplydygyny görkezýän taryhy netijäni mälim etdi. Kompaniýanyň berýän resmi maglumatyna görä, logiki netijeler çykarmaga we çylşyrymly algoritmleri seljermäge ukyply bolan täze nesil emeli aň modeli, diskret geometriýa pudagynda onlarça ýylyň dowamynda çözülmän gelýän çylşyrymly matematik gipotezanyň (çaklamanyň) nädogrylygyny subut etmäge ýardam berdi. Gürrüň 1946-njy ýylda taryhyň iň meşhur matematikleriniň biri bolan Paul Erdöş tarapyndan öňe sürlen kombinatorika we geometriýa meselesi barada gidýär. Bu mantiw we takyk hasaplamalary talap edýän mesele, degişli ylym pudagynyň iň uly bökdençlikleriniň biri hasaplanýardy.
Sanly kömekçiden ylmy hyzmatdaşa çenli ösüş tapgyry

OpenAI tarapyndan berlen düşündirişde, ulanylan emeli aň modeliniň diňe bir internet gurşawyndaky bar bolan taýýar maglumatlary jemläp bermek bilen çäklenmändigi bellenilýär. Model ozal ylym älemine mälim bolmadyk, düýbünden täze bir matematik gurluşy we matrisany modellemegi başardy. Emeli aňyň hödürlän bu täze gurluşynyň esasynda ylmy barlagçylar, taryh boýunça dogry diýlip kabul edilip gelnen gipotezanyň esaslaryny doly ýatyrýan anyk we inkär edilmez ýaly ylmy subutnamany taýýarladylar.
Adam we emeli aňyň sazlaşykly hyzmatdaşlygy
Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu açyşyň doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda, ýagny adamyň gatnaşygy bolmazdan amala aşyrylandygyny aýtmaýarlar. Hasaplamalaryň seljerilmeginde we emeli aňyň beren maglumatlarynyň gutarnykly ylmy wezipä öwrülmeginde adam barlagçylarynyň we alymlaryň uly zähmetiniň bardygy nygtalýar. Şol sebäpli hem halkara ylmy jemgyýetçilik muny «emeli aňyň özbaşdak açyşy» hökmünde däl-de, «adam paýhasy bilen emeli aňyň bilelikdäki zähmetiniň netijesinde gazanylan ylmy ösüş» hökmünde häsiýetlendirýär.
Aşakdaky düwmä basyp, Google Discover arkaly biziň ýörite seljerme we iň soňky täzeliklerimizi yzarlaň.
Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýalary esasan adaty tekstleri taýýarlamak, programma kodlaryny ýazmak we amaly maglumatlar binýadyny tertipleşdirmek ýaly gündelik amallarda ulanylýardy. Emma gazanylan bu soňky netije, kämil emeli aň algoritmleriniň fundamentall ylymlardaky we hasaplama teoriýalaryndaky iň kyn düwünleri çözmekde hem iň ygtybarly we zerur gurala öwrülip biljekdigini subut etdi.


