Angliýadan we Hytaýdan gelen alymlar topary ýörite molekulýar gurluşy sebäpli parnik gazlaryny tutup we saklap bilýän gözenekli materialyň täze görnüşini sintez etdiler. Barlag “Nature Synthesis” (NatSynth) ylmy žurnalynda çap edildi.
Hünärmenler olaryň ösüşini «öýjüklerden ýasalan öýjük» diýip häsiýetlendirdiler. Materiýa üçburçluk prizma ýaly şekilli bloklardan ybarat bolup, has uly we has simmetrik tetraedral gurluşlary emele getirýär.
Köp polýar molekulalaryna eýe bolan material, müňlerçe ýyllap atmosferada saklanyp bilinýän iň güýçli parnik gazy bolan kömürturşy gazyny (CO2) we kükürt geksaftoridini (SF6) özüne çekýär we gulplaýar. CO2 bäş ýyldan 200 ýyla çenli howada saklansa-da, SF6 döwülmegi üçin 800-300 ýyl gerek. Alymlar kükürt geksaftoridiniň parnik potensialynyň kömürturşy gazyndan 23,5 müň esse ýokarydygyny çaklaýarlar.
Ylmy barlag topary gazlar üçin öndürýän molekulýar «öýjükleriň» suwda örän durnuklydygyny, çygly şertlerde senagat zyňyndylaryny süzmek üçin ulanylyp bilinjekdigini bellediler. Geljekde topar zäherli tüsse we zyýanly organiki birleşmeleri almak üçin maddany üýtgetmegi meýilleşdirýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby