Her bir ylmyň öz öwrenýän, iş salyşýan, derňeýän obýekti bolýar. Şol sanda pedagogika terbiýäni öwrenýär, ýagny pedagogika – bu terbiýe baradaky ylymdyr.
Başgaça aýdanyňda pedagogikanyň esasy öwrenýän meselesi: okuw terbiýeçilik işleriniň esaslaryny, wezipelerini, düzgünlerini, görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini, netijeli peýdalanmak bilen öňde goýlan maksada ýetmekdir.
Pedagogika näme?
Pedagogika “paýdagogos” diýen grek sözünden bolup, “paýdos”- çaga we “ago”- ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende “paýdagogos” – “çagany ýöredýän” ýa-da “çagany alyp barýan” diýmekdir.
Gadymy Gresiýada gul eýeleriniň çagasyny mekdebe alyp barýan gullara pedagog diýipdirler. Bu mekdeplerde mugallym bolup sapak okadýanlaryň arasynda-da gullar hem bolupdyr, ýöne olar sowatly, bilimli bolupdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen “Pedagogika” diýen sözüň ulanylyşy umumylaşdyrylyp, ol çagalary terbiýelemek, okatmak, ruhy we ten taýdan ösdürmek manylaryna eýe bolýar. Soňabaka öz eden işleri bilen belli bolan adamlaryň, adynyň ýanynda ony terbiýelän, okadan adamyň ady tutulýar. Bu ugurdan nazary bilimiň we tejribäniň baýlaşmagy netijesinde aýratyn bir çagalary terbiýelemek ylmy döreýär. Şeýlelikde, pedagogika çagalary terbiýelemek we okatmak ylmyna öwrülýär.
Pedagogikanyň ösüş taryhy
Pedagogika ylmyň özbaşdak pudagyna öwrülişi F.Bekonyň XVII asyryň başynda “Ylymlaryň mynasybeti we köpelişi hakynda” diýen işiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ý.A.Kamenskiý ilkinji bolup ählumumy okadylyş pikirini esaslandyryp, okadylyşyň baglanyşykly derejeleriniň ulgamyny döredýär.
Okatmagyň, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze tehnologiýalary, usullary pedagogik ylmy-barlaglaryň netijesinde tejribehanalarda ýüze çykýar. Bu hem öz gezeginde pedagogikanyň ylymdygyny düşündirýär.
Merjen BAÝAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby