Pifagoryň intelektual filosofiýanyň adalgyçysydyr
Pifagor — intelektual (akyl) taýdan alnanda haçan-da bolsa bir wagt ýer ýüzünde ýaşap geçen adamlaryň içinde iň bir meşhur, tanymal, belli bolupdyr. Ol akylly, parasatly bolan wagtynda hem, bolmadyk ýagdaýynda hem şeýle hasaplanylypdyr. Deduktiw esaslandyrylan manysynda matematika hut Pifagordan başlanypdyr. Ol Pifagorda mistisizm bilen berk baglanşykly bolupdyr. Bu filosofyň ady bilen baglanyşyklylykda matematikanyň filosofiýa täsiri uludyr.
Pifagor kim bolan?
Pifagor ýa-da Pythagoras, Miladydan öňki 495-nji ýyl aralygynda ýaşap geçen Ion filosofy, matematigi we Pifagorizm diýlip atlandyrylýan hereketi esaslandyryjydy. Iň meşhur teklibi, adyny göterýän Pifagor teoremasydyr. Ol «sanlaryň atasy» hökmünde tanalýar. Pifagor we okuwçylary hemme zadyň matematika degişlidigine, sanlaryň iň esasy hakykatdygyna we hemme zady matematika arkaly çaklap we ölçäp boljakdygyna ynanýardylar.
Ol Samos adalarynda dogulýar. Onuň işiniň gülläp ösen döwri biziň eramyzdan öňki 532-nji ýyllara gabat gelýär. Birnäçe adamlaryň aýtmyşyna görä ol Mnesarh atly adamyň (raýatyň) ogly bolupdyr, başga bir tarap adamyň pikiriçe bolsa ol Hudaý Apollonyň ogly bolupdyr: bu iki sany gapma-garşylykly pikirlerden saýlamagy men okyjynyň özüne goýýaryn. Pifagoryň ýaşan döwri Soneý adasyny tiran Polikrat dolandyrypdyr, ol gaty rehimsiz, ummasyz baýlygyň we ägirt uly flotyň eýesi bolupdyr. Somas söwda bilen bagkanyşyklykda miletiň bäsdeşi bolupdyr: onuň söwdegärleri öz gämilerinde Gunbatara tarap şeýle bir şäherlere gidipdirler we hat-da olar şol wagt tanymal, meşhur bolan Ispaniýada Tartessa çenli baryp ýetipdirler.
Pifagor teoremasy näme?
Sag üçburçlugyň iki tarapynyň arasyndaky baglanyşyk Pifagor gatnaşygy diýilýär. Pifagor teoremasynda sag burçuň garşy tarapy gipotenuz hökmünde kesgitlenýär. Bu ýerde gipotenuzyň kwadraty galan iki tarapyň kwadratlarynyň jemine deňdir.
Pifagor teoremasynyň başga bir ady Pifagor deňlemesi. Üçburçlugyň taraplary a, b we c hökmünde kesgitlenende, deňlemäniň formulasyny has aňsat ýazyp bolýar.
Şeýlelik bilen formula;
A ^ 2 + b ^ 2 = c ^ 2 bolup çykýar.
Pifagor ylymyň haýsy pudagy bilen baglanyşykly?
Pifagor deňlemesi matematikanyň şahasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Pifagor atly alym tarapyndan tapylandygy sebäpli, onuň ady dakylýar. Şol bir wagtyň özünde, Pifagor teoremasynda ulanylýan gipotenuz adalgasy Pifagoryň aýalynyň adydyr.
Jumaniýazow Sapa
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby