Amerikan ylmy-barlag topary gaýtadan işläp bolmaýan, örän çydamly plastmassany dargadyp bilýän geni üýtgedilen bakteriýalary ýüze çykardylar. Materialy ulanylýan wagtynda mikroorganizmler oňa has berklik berýär we zibile taşlanandan soň çalt dargaýar.
Plastmassa biziň döwrümiziň ählumumy materialy: arzan, himiki taýdan durnukly we çydamly. Onuň çydamlylygy bolsa, ýok edilmegini kynlaşdyrýar. Plastmassa onlarça, käte ýüzlerçe ýyl çüýräp, şeýle galyndylaryň ýeriň we ummanlaryň hapalanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin dünýädäki alymlar plastmassany nädip has netijeli dargatmalydygy barada yzygiderli pikirlenýärler. Soňky ýyllarda muny dargadyp biljek bakteriýalar tapyldy.
San-Diegoda (ABŞ) Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary bu meseläni çözmek kararyna geldiler. Olar bede ekstraktyndan alnan grampoložitel bakteriýalaryň bir görnüşi bolan bede taýajygyna (Bacillus subtilis) üns berdiler. Şol bir wagtyň özünde, bakteriýa adamlaryň we haýwanlaryň içegelerinden başlap, howada we suwda bakteriýalar bar. Şol mikroorganizmler plastmassany dargadyp biler.
Alymlar enzimiň iş mehanizminiň gipotezasyny barlap, garaşylmadyk ýagdaýda bölüniş tizligini we polimerleriň dürlüligini ýokarlandyrdylar. Ylmy-barlag topary “Bacillus subtilis” bakteriýasyny materialyň içine goýmagy teklip etdiler. Bakteriýalar zibile baryp, toprak bilen gatnaşyga girýänçä dargamaz. Fermentleri öndürip başlamagy üçin plastmassa kompostda gömülmeli. Şonuň üçin şeýle önümleri islege görä ulanmak mümkin bolar. Emma bir mesele bar — plastmassa önümçiliginde ulanylýan ýokary temperatura bakteriýa sporalarynyň köpüsini öldürýär.
Şeýlelik bilen alymlar ýylylyga çydamly “Bacillus subtilis” bakteriýasynyň GMO mikroblaryny, döretdiler we şeýle bakteriýalaryň sporalarynyň 96-100 %-iniň plastmassa gaýtadan işleýiş temperaturasynyň 135˚C-da ýaşap biljekdigini anykladylar. Bu gaty geljegi uly netije, sebäbi genetiki taýdan üýtgedilmedik bakteriýalar bu ýylylykdan diňe 20 %-inde diri galýarlar. Şondan soň alymlar “Bacillus subtilis”-iň plastmassany näderejede dargadandygyny barladylar. Plastmassanyň agramynyň 1 %-e çenli konsentrasiýada mikroorganizmler kompostda gömülenden soň 5 aýyň içinde materialyň 90 %-inden gowragyny dargatdy. Alymlar “Bacillus subtilis”-iň kömegi bilen öndürilen plastmassanyň çydamlylygynyň 37 % ýokarydygyny, adaty termoplastiki poliuretana garanyňda we partlamak howpunyň 30 % azdygyny hem ýüze çykardylar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby