S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanda ilkinji bolup Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň (University Alliance of the Silk Road — UASR) agzalygyna kabul edildi. Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» daşary syýasy başlangyjynyň çäginde döredilen bilim guramasy bolup, Beýik Yüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ykdysady ösüşini goldamak, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 22-nji maýynda döredildi. Bileleşigiň sekretariaty Hytaýyň Sian şäherindäki Sian Jiaotong uniwersitetinde yerleşýär. Sebitara we döwletara dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylyk arkaly ösüşi goldamak maksady bilen, özara bähbitli bilim, medeni gatnaşyklary ýola goýmak, uniwersitetara alyş-çalyş etmek, zehinleri goldamak, bilelikde ylmy-barlag taslamalaryny alyp barmak bu halkara bileleşigiň esasy wezipeleridir. Belläp geçsek, 2024-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna goşuldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi «UI GreenMetric World University Rankings» sanawynda 95 döwletden 1477 sany ýokary okuw mekdebiniň arasynda 474-nji orna mynasyp boldy. Yokary okuw mekdebinde geçirilýän halkara bäsleşikleri, döwlet we halkara olimpiadalarynda ýokary derejeli görkezijisi bilen dünýä belli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu ýokary okuw mekdep dürli ylym işleri alyp barmagy bilen halkara derejesinde özüniň mynasyp ornyna eýe bolup halakara gurmalary bilen işjeň agzasy hökmünde gatnaşýar. Yaňy ýakynda geçirilen Türkmen oba hojalyk institutynda ýagny ugurdaş ýokary okuw mekdebinda «Agroinowasion durnukly ösüş» atly halkara bäsleşiginde ýokary dereje görkezdi, bu bäsleşige hem halkara döwletlerinden hem gatnaşdylar.
Öwezgeldiýew Döwlet
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby