Türkmenistanda sanly bilim ulgamy boýunça alnyp barlan işler netijesinde birnäçe üstünliklere eýe bolýar. Munuň içinde şu ugurlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr:
Sanly platformalaryň ornaşdyrylmagy
Ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen baglanyşykly sanly bilim resminamalarynyň ornaşdyrylmagy, talyplara maglumatlara giňden elýeterliligini üpjün edýär.
“Türkmenistan” sanly platformasy we degişli sanly okuw serişdeleri talyplaryň dürli bilim ugurlary boýunça derňewler, netijeler we halkara standartlar bilen tanyş bolmagyna mümkinçilik berýär.
Interaktiw okuw-usullarynyň ulanylmagy
Talyplar üçin interaktiw we oýun pedagogikasyny ulanmak, sanly çäreler arkaly, özleşdirilýän materialy has oňaýly we gyzykly edip berýär.
Aýratynlykda, sanly okuw resminamalary arkaly talyplara dürli görnüşli mümkinçilikler döredilýär, mysal üçin, onlaýn synaglar we testler, dürli maglumatlary ýygnamak we olaryň netijelerini derňemäge mümkinçilik berýär.
Täze tehnologik serişdeler
Ýokary okuw mekdeplerinde okuw prosesini ösdürmek üçin täze tehnologik serişdeler, multimedia serişdeleri we sanly kitaplar giňden ulanylýar.
Wirtual klaslar, sanly konferensiýalar we onlaýn okuwlaryň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň dünýäniň dürli künjeklerinden bilimi özleşdirmegine mümkinçilik berýär.
Türkmenistan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň täze basgançaklaryna adim edýär. Şeýle-de, sanly bilim ulgamynyň çäginde dürli ugurlar boýunça täze taslamalar we iş meýilnamalary döredilýär.
Sanly bilim ulgamy häzirki zaman dünýä biliminiň esasy bolup, talyplaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagynyň we bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagynyň esasy şerti bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda üstünlikli iş alyp barýar, bu bolsa, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilim almagyna we bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine şert döredýär.
Bägül Huseýinowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby



