Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşmagy okuw işiniň görnüşlerini hem üýtgedýär. Däp bolan synp şertlerinden aralyk we sanly bilim gurşawyna geçilmegi okuwçynyň okuw prosesindäki ornuny has-da işjeňleşdirýär.
Aralyk bilimde özbaşdaklygyň ähmiýeti
Mugallymyň gös-göni gözegçiliginden daşarda bilim alýan okuwçy öz wagtyny dogry paýlamagy, tabşyryklary yzygiderli ýerine ýetirmegi, zerur maglumatlary gözlemegi we öz netijelerine baha bermegi öwrenmeli bolýar.
Şeýle başarnyklar diňe bir mekdep döwründe däl, eýsem geljekki hünär taýýarlygynda we ömürboýy bilim almakda hem möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin aralyk bilim diňe tehniki mümkinçilik däl, eýsem özbaşdaklygy, jogapkärçiligi we okuw işjeňligini ösdürýän pedagogik gurşaw hökmünde çykyş edýär.
Sanly platformalar okuwçynyň özbaşdak işine nähili kömek edýär?
Elektron okuw kitaplary, wideo-sapaklar, interaktiw tabşyryklar, animasiýalar we elektron testler okuwçynyň bilim çeşmelerine islendik wagtda ýüzlenmegine mümkinçilik berýär.
Interaktiw serişdeleriň aýratynlygy okuwçynyň diňe diňleýji bolman, okuw prosesiniň işjeň gatnaşyjysyna öwrülmegidir. Ol tabşyryklary ýerine ýetirýär, soraglara jogap berýär we netijesini dessine görüp bilýär.
Sanly gurşawyň ýene bir artykmaçlygy okuwçynyň öz tizliginde öwrenmegine şert döretmegidir. Düşünmesi kyn bolan bölümi gaýtadan görmek ýa-da öwrenmek mümkinçiligi okuwçynyň özbaşdak işlemek endigini güýçlendirýär.
Wagt dolandyryşy we öz-özüňi gözegçilik
Aralyk bilimde okuwçynyň üstünligi köp derejede onuň öz wagtyny nähili dolandyrýandygyna bagly bolýar. Adaty okuw prosesinde sapaklaryň wagty we tertibi öňünden kesgitlenýän bolsa, aralyk bilimde okuwçynyň öz iş meýilnamasyny düzmegi zerur bolup biler.
Şonuň üçin okuwçylara gündelik meýilnama düzmegi, ileri tutulmaly tabşyryklary kesgitlemegi we okuw bilen dynç alşy sazlaşdyrmagy öwretmek möhümdir.
Sanly senenamalar, ýatlatmalar we şahsy okuw meýilnamalary bu işde amaly kömekçi bolup biler. Wagtyny dogry dolandyrmagy öwrenen okuwçy tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, öz işine bolan jogapkärçiligini hem ösdürýär.
Maglumat bilen işlemek we tankydy pikirlenmek
Sanly gurşaw okuwça örän giň maglumat mümkinçiliklerini berýär. Emma internetde duş gelýän maglumatlaryň ählisi birmeňzeş derejede ygtybarly däldir. Şonuň üçin özbaşdak bilim alýan okuwçy diňe maglumat tapmagy däl, eýsem onuň çeşmesini, takyklygyny we ygtybarlylygyny seljermegi hem öwrenmelidir.
Bu ýerde tankydy pikirlenme aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Okuwçy dürli çeşmelerden alnan maglumatlary deňeşdirip, olaryň arasyndaky sebäpli-netijeli baglanyşyklary kesgitläp we özbaşdak netije çykaryp bilmelidir.
Mugallymyň wezipesi hem taýýar jogaby bermekden has köp okuwçyny gözlege ugrukdyrmak bilen baglanyşýar. Sanly kitaphanalardan, ylmy makalalardan we ygtybarly bilim çeşmelerinden peýdalanmak okuwçylaryň gözleg, döredijilik we taslama taýýarlamak endikleriniň ösmegine şert döredýär.
Öz-özüňi barlamak we refleksiýa
Özbaşdak zähmetiň netijeli bolmagy üçin okuwçy özüniň nähili netije gazanandygyny bilmeli. Şu nukdaýnazardan sanly testler we awtomatlaşdyrylan baha beriş serişdeleri möhüm orun eýeleýär.
Okuwçy goýberen ýalňyşlyklaryny dessine görüp, haýsy temany ýa-da bölümi gaýtadan öwrenmelidigini kesgitläp bilýär. Şeýle çemeleşme ýalňyşlygy diňe şowsuzlyk hökmünde däl, eýsem bilimi kämilleşdirmegiň bir basgançagy hökmünde kabul etmäge ýardam edýär.
Refleksiýa hem özbaşdak okuw endiginiň möhüm bölegidir. Okuwçy haýsy usulyň özüne has netijeli bolandygyny, nirede kynçylyk çekendigini we indiki okuw işini nähili kämilleşdirip biljekdigini seljerýär.
Mugallymyň täze orny we geljegiň mümkinçilikleri
Sanly bilimde okuwçynyň özbaşdaklygynyň artmagy mugallymyň ähmiýetini azaltmaýar. Gaýtam onuň wezipesini täze görnüşde ýüze çykarýar. Mugallym maglumat berijiden başga-da ugrukdyryjy, maslahatçy we höweslendiriji hökmünde çykyş edýär.
Sanly aragatnaşyk serişdeleri arkaly okuwçylara şahsy çemeleşmäni güýçlendirmek mümkin. Geljekde emeli aň we uly maglumatlar tehnologiýalarynyň ulanylmagy okuwçylaryň okuw tizligini we aýratynlyklaryny seljermäge, olaryň zerurlyklaryna laýyklykda şahsy okuw ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berip biler.
Şeýlelikde, sanly tehnologiýalara esaslanýan aralyk bilim diňe bir bilim almagyň alternatiw görnüşi bolman, özbaşdak pikirlenýän, wagtyny dolandyryp bilýän, maglumatlary seljerýän we öz ösüşine jogapkärçilikli garaýan şahsyýeti kemala getirmegiň häzirki zaman gurallarynyň biridir.
Täçmämmedowa Gülnar
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby


