Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamynda häzirki döwrüň talaplaryna hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän düýpli özgertmeleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň şahsyýetiniň sazlaşykly ösmegi we olaryň ukyp başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Okuw –terbiýeçilik edaralarynda her bir mugallymyň işini netijeli usullardan peýdalanyp, döredijilikli guramagy üçin giň mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine kybapdaş ösüşini ýola goýmak we ony milli mazmuna laýyklykda barha kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň ümzügi ileri.
Şekillendiriş sungaty durmuş bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Çagalarda sungata bolan höwesi we söýgini kemala getirmek, ösdürmek üçin başlangyç synp mugallymlarynyň orny uludyr. Ilki bilen mugallym okuwça şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny, suratkeşiň dünýäsine düşünmegi we duýmagy öwredýän hünärmen bolmaly.
Şekillendiriş sungatynyň bir görnüşi bolan Asfalt çyzuwy (Madonnari) ilkinji gezek XVI asyrda Italiýada döreýär. Asfalt çyzuwy hem her bir çaganyň ukuplaryny, hyýalyny durmuşa geçirmäge we şekillendiriş sungaty sapaklarynda çagalar bagynda we mekdepde alan surat çekmek ukyplaryny görkezmäge mümükinçilik berýär. Bu çyzuw hakykatda hem dürli reňkli hekler bilen çyzgyda düşünmek we aňlatmak ukybyny ösdürýär. Çyzuwyň üstünde işlemek, şekillerde pikirlenmek we çyzgyny tutuşlygyna göz öňüne getirmek ukyby bolsa işjeňligi talap edýär.
Mugallym asfaltda surat çekmekligiň tertibini, medeniýetini, estetiki häsiýetlerini düşündirýär we belli bir temany saýlamaga kömek edýär. Saýlanan tema çaga üçin gyzykly we elýeterli, aýdyň, hyýaly pikirleri oýarmak üçin aýratyn bolmaly. Temalar şeýle mazmunda bolup biler. “Biz bagtyýar nesiller”, “Parahatçylyk”, “Güneşli gün”, “Ýakynda dynç alyşlyk”.
Asfaltda surat çekmek köpçülikeýin ýerine ýetirilse, çagalara biri-biri bilen ýakynlaşmaga kömek edýär we bütin synp bolup bir işi ýerine ýetirmek dostlugy, agzybirligi kemala getirýär. Ýoldaşlaryň öňünde jogapkärligi duýmagy öwredýär. Çagalar asfaltda surat çekmekligiň dowamynda diňe bir döredijilik ukyplaryny ösdürmän, eýsem sözleýişi hem ösdürýärler, öz aralarynda çekişmek we pikir alyşmak ýaly endiklere hem eýe bolýarlar.
Sünbül Kakaŷewa
Daşoguz şäheriniñ 13-nji orta mekdebiň ýokary derejeli baślangyç synp mugallymy