Suw gündelik durmuşymyzda we tebigatda iň esasy elementlerden biridir. Ol diňe içmek üçin däl, eýsem ýaşaýşymyzy dowam etdirmek üçin hem elmydama wajypdyr. Suwuň elektrik toguny nämäniň esasynda geçirýändigini bilýärmisiňiz? Biz suw elektrik toguny geçirýär we tok urma derejesini ýokarlandyryp howp döretýar diýip hasap edýäris. Şeýlelikde, suw we elektrik togunyň arasyndaky bu gatnaşygy diňe umumy bir zat hökmünde düşünýäris.
Birnäçe ylmy barlaglaryň netijesine görä suwyň elektrik toguny geçirijiligi, onuň düzümindäki mineral maddalaryň we ionlaryň möçberine baglydygy kesgitlendi. Ýöne, suwyň arassa görnüşi bolan distilliýirlenen suw, elektrik togunyň geçişine garşylyk görkezýär we gowy dielektrik häsiýete eýe bolýar. Şeýle-de bolsa, suwyň düzüminde dürli mineral maddalar we ionlar bar bolsa, ol elektrik togunyň geçişini ýeňilleşdirýär.
Dürli senagat we ylmy ulgamlarda suwyň elektrik geçirijiligi, möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, suw bilen işlemekde, suwyň elektrik geçirijiligi göz öňünde tutulyp, enjamlar we materiallar saýlanýar. Şeýle-de, suwyň elektrik geçirijiligi, suw arassalaýyş we suw üpjünçiligi ulgamlarynda hem möhüm rol oýnaýar.
Suwyň elektrik toguny geçirijiligi barada geçirilen ylmy gözlegler, täze tehnologiýalaryň we materiallaryň döredilmegine ýardam edýär. Mysal üçin, suw arassalaýyş ulgamlarynda, suwyň elektrik togunyň geçirijiligini azaltmak üçin täze filtrasiýa tehnologiýalary işlenip düzüldi. Şeýle-de, suw bilen işlemekde, suwyň elektrik geçirijiligini göz öňünde tutup, täze materiallar we enjamlar döredilýär.
Söýligözel Nurmuhammedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi