Kosmos adamzat üçin hemişe syrly dünýä bolupdy. Gadymy döwürlerden bäri adamlar gökde ýalpyldaýan ýyldyzlara seredip, olaryň aňyrsynda näme bardygyny göz öňüne getirmäge synanyşdylar. Häzirki wagtda tehnologik ösüşler sebäpli biz bu ägirt giňişligi has çuňňur öwrenip başladyk. Soňky ýyllarda, aýratyn-da, «James Webb» teleskopy we Mars missiýalary ýaly taslamalar arkaly kosmosy öwrenmekde täze taryhy sahypalar açyldy. Kosmos ylymynda soňky ýyllarda iň uly şowhun döreden açyşlaryň biri – «James Webb» teleskopy boldy. Bu teleskop bize älemiň iň irki döwürlerindäki ýyldyzlary görmek mümkinçiligini berýär. Soňky açyşlaryň biri, älemiň emele gelen ilkinji ýyldyzlarynyň ýagtylygynyň teleskopyň kömegi bilen anyklanmagydyr. Bu açyş älemiň taryhy hakynda has köp maglumat berýär. Şeýle hem, Webb teleskopy dürli galaaktikalardaky täze planetalary we olaryň daş-töweregi bilen bagly täze maglumatlary bize ýetirýär.
Täze kosmos açyşlarynyň esasy maksatlarynyň biri adam üçin amatly şertlere eýe bolan planetalary gözlemekdir. Soňky ýyllarda «Kepler» we «TESS» ýaly enjamlar arkaly birnäçe ýaşaýyş üçin amatly bolmagy mümkin ekzoplaneta ýüze çykaryldy. Meselem, TRAPPIST-1 ulgamyndaky birnäçe planetanyň ýüzünde suwuk ýagdaýdaky suwuň bolmagy mümkin diýlip çak edilýär. Şeýle maglumatlar geljekde adamzadyň başga planetalarda ýaşamagynyň mümkinçiligini görkezýär.
Mars planetasy biziň kosmosdaky iň uly maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Soňky döwürde Marsa gönükdirilen robotlaşdyrylan missiýalar bu planetanyň ýerindäki şertleri öwrenmekde möhüm rol oýnaýar. Marsyň topragynda suwuň yzlarynyň tapylmagy we onuň atmosferasynyň düzümi ýaşamak üçin mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Kosmosy öwrenmek diňe bir ylmy täzelikleri däl, eýsem, tehnologiki ösüşleri hem öz içine alýar. Meselem, GPS ulgamlary, satelitler arkaly internet we meteorologiýa ulgamlary ýaly ençeme durmuş babatyndaky peýdaly serişdeler kosmos barlaglarynyň netijesidir. Täze kosmos açyşlary älemiň giň we çylşyrymly tebigaty bilen adamzady has ýakynlaşdyrýar. Biziň ylmymyzyň we tehnologiki kuwwatymyzyň ösüşi arkaly häzirki döwürde diňe bir dünýäni däl, eýsem, ähli älemiň syrlaryny çözmäge has ýakynlaşýarys. Bu açyşlar diňe bir ylmy üstünlik däl-de, eýsem, adamzadyň geljekki ösüşine ýol açýan basgançakdyr.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby
Rozmetbaýewa Maksuda