BilimTürkmenistan

Tölegli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany iki ýyllyk iş tejribeligi ýatyrylar.

Tölegli esasda okan Türkmenistanyň ÝOM-niň uçurymlaryna diplom almak üçin iki ýyllyk zähmet tejribeligi hökmany şert bolmaz.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hökümete bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ozal ÝOM-niň uçurymlarynyň hemmesi iki ýyl döwlet kärhanalarynda iş tejribeligini geçmeli bolýardy we diňe şondan soň, diplom alyp bilýärdi. Şeýle hem, harby we hukuk goraýjy edaralarda çagyryş boýunça iki ýyllyk gulluk hem iş tejribeligi hasaplanýardy.

Habar Orient.tm saytyndan alyndy

Türkmen İnstituty abraýly ýokary bilim mekdepleriniň sanawynda

 

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın