Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanyny tassyklan Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabaty diňlenildi we döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanyldy. TDH çeşmelerine görä, bu karar ýurdumyzda ylmy işgärleri taýýarlamagyň tertibini we geljegini kesgitleýär.
Türkmenistan gazetinde çap edilen sanaw barada has giňişleýin maglumaty şu baglanyşyga basyp ýa-da aşakdaky surat arkaly tapyp bilersiňiz!

Innowasion tehnologiýalar we Ylmy ösüş
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda tassyklanan bu meýilnama, diňe bir sanlary däl, eýsem hil derejesini hem ösdürmegi maksat edinýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu özgertmeler innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary we lukmanlary taýýarlamak arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetine ylmyň, bilmiň gazananlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.


