Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin «Fransuz dili (I daşary ýurt dili)» okuw kitaby (awtorlary: T.Atdaýewa, M.Amanowa, G.Amanowa) neşir edildi. Kitap okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, «Meniň maşgalam», «Meniň gündelik durmuşym», «Men we jemgyýet», «Meniň Watanym», «Men we tebigat», «Men we medeniýet», «Syýahat» ýaly bölümleri öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Okuw kitabynda okuwçylaryň öwrenýän diliniň ýurdy, däp-dessurlary, medeniýeti, bilim ulgamy, iki ýurduň ykdysady ösüşi, şeýle-de ekologiýasy we medeni mirasy barada gyzykly okuw maglumatlary berilýär.
Okuw kitaby okuwçylarda fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň hem-de däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder diýlip, habarda bellenilýär.