Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdeplerine ygtyýarnama berilýär. Bu ugurda başlangyjy anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-2026-njy okuw ýylynda talyplary kabul edip başlajak Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektorynyň we prorektorlarynyň wezipä bellenilmegini tassyklady.
Täze uniwersitetiň rektory wezipesine ozal Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesini ýerine ýetiren Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow bellenildi.
Rektoryň bellenmeginden başga-da, täze okuw jaýynyň prorektorlary hem tassyklandy. Täze uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine ozal Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesini ýerine ýetiren Handurdy Handurdyýew bellenildi. Ozal Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesini ýerine ýetiren Aýmyrat Muhammedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellendi.


