2025-nji ýylyň 1-5-nji iýuny aralygynda Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Monaşa uniwersitetinde geçirilen CDIO 2025 halkara maslahatyna Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň uly mugallymy Döwletmyrat Porrykow, «Mehatronika we robot tehnikasy» hünär ugry boýunça 2-nji ýyl talyby Garlyýewa Çynar, «Häzirki zaman tehnologiýalarynyň fizikasy» hünär ugry boýunça 4-nji ýyl talyby Baýramowa Nurjemal dagy boldy.
CDIO – innowasion inženerçilik bilim ulgamynda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlyk torydyr. Bu platforma inženerleriň täze neslini taýýarlamak maksadyny öňe sürýär. CDIO maslahaty dünýäniň dürli ýurtlaryndan mugallymlary, ylmy gözlegleri alyp barýan hünärmenleri, alymlary we talyplary inženerçilik bilimi boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara forumyna gatnaşmagynyň esasy maksady – uniwersitetiň okuw meýilnamalaryny halkara ülňülerine laýyklykda düzedişleri girizmek we taslama esasly okatmagy ösdürmekdir.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň mart aýynda CDIO guramasyna Merkezi Aziýa uniwersitetleriniň arasynda ilkinji bolup doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.



