Her bir halkyň, her bir döwletiň geljegi ýaş nesliň ylym-bilimine, zähmetsöýerligine we watansöýüjiligine baglydyr. Eziz Watanymyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, berilýän goldawlar olaryň hem zehinli, hem ukyply nesil bolup ýetişmegine giň ýol açýar. Şonuň üçin hem Watanyň şöhratly geljegini döredijilikli ýaşlaryň merdana zähmetinde görmek bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim almaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, sportda, ylymda üstünlik gazanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaşlaryň durmuşa ukyply, giň gözýetimli şahsyýetler bolup kemala gelmegine mümkinçilik berýär.
Bilim bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda, medeniýet we sungat çärelerinde çykyş edýän ýaşlarymyz Watanymyzyň adyny dünýä ýaýýarlar. Olar diňe bir öz üstünligi bilen däl, eýsem ata Watana bolan çäksiz söýgüsi bilen hem aýratyn tapawutlanýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň diňe geljegimiz däl-de, häzirki ösüşimiziň hem hereketlendiriji güýjüdigini subut edýär.
Ýaşlarymyzyň watansöýüjilik duýgusy olaryň bilim almaklaryna, özüňi kämilleşdirmeklerine, jemgyýet üçin peýdaly işlere gatnaşmaklaryna güýç berýär. Olar Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik maksatlara tarap ynam bilen öňe barýarlar.
Watanyň şöhratly geljegi ýaşlaryň güýjünde, ruhy taýdan kämilliginde, akyl-parasatynda jemlenýär. Döredijilikli ýaş nesiller ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, ylmynyň ösmeginde, medeniýetiniň kämilleşmeginde esasy orny eýeleýärler. Ýaş nesiller bilen Watanymyzyň geljegi bagtly, röwşendir!
Ahmedowa Aýnur Ahmedowna,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy