Häzirki döwürde ylym we bilim jemgyýetiň ösüşiniň iň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ylymly we döredijilikli ýaş nesli terbiýelemek, olaryň ylmy gözleglere gatnaşmagyny üpjün etmek döwletiň ösüşiniň berk binýadyny emele getirýär. Şonuň üçin ýaş alymlaryň ylma goşýan goşandy diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglary ösdürmek, ýaş alymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler ýaş nesli ylma höweslendirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýaş alymlar jemgyýetiň dürli ugurlarynda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň işjeň gatnaşyjylarydyr. Olar täze pikirleri öňe sürmek, innowasion taslamalary döretmek we ylmy netijeleri durmuşa geçirmek arkaly ýurdumyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hususan-da, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlarda alnyp barylýan ylmy gözlegler ykdysadyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle gözlegleriň netijesinde täze tehnologiýalar döredilýär, önümçiligiň netijeliligi ýokarlanýar we tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik döredilýär.
Döwlet tarapyndan ýaş alymlary goldamak boýunça döredilýän mümkinçilikler olaryň ylma bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri we dürli ylmy taslamalar ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olaryň ylmy döredijilik ukybyny ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle şertleriň döredilmegi ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişlikde hem üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berýär.
Ylym we bilime aýratyn ähmiýet berýän döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle şertleriň döredilmegi ýaş alymlaryň ylmy döredijiligini ösdürmäge, olaryň täze açyşlar bilen ýurdumyzyň ykdysady we ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Watanymyzyň geljeginiň has-da gülläp ösmegine giň ýol açýar.
Ýazan: Iliç Hemraýew,
Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary


