Ylym-bilim ösüşlere badalga
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaşlaryň dünýä
ölçeglerinde bilim almagy şertlendirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim
ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde okatmagyň innowasion çemeleşmelerinden, maglumatkommunikasiýa tehnologiýalaryndan raýatlarymyz netijeli peýdalanýarlar.
Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli
basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden
peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu
döredilýän mümkinçilikler olaryň ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak raýatlar bolup
ýetişmeginde giň ýollary açýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýaşlarymyzyň
yhlasly okamaklaryna uly höwes döredýär.
Biz — ýaşlara ylym-bilim öwrenmekde şeýle ajaýyp şertleri
döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Abadan SARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby