Ylym—bilimiň ösüşi ýaşlaryň kämilligi, giň dünýägaraýşy, ýagty geljegimiz bilen özara berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzda bilim özgertmelerine, şeýle hem sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbidini göz öňüne tutýar, ýaşlaryň ýagty geljegini üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň dürli ugurlary ösdürilýär hem-de ýaş nesillere yzygiderli öwredilýär. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrylyp, häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.
Biz möhüm innowasion tehnologiýalary, olardan baş çykarmak ukyp-başarnygyny we dünýä tejribesini düýpli öwrenmelidiris. Häzirki wagtda adamzadyň ýaşaýşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki ylym-bilim adamzat üçin geljege şamçyragdyr. Bu babatda hem ýurdumyzda alnyp barylýan işler uzak geljegi nazarlaýar. Biz ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Hanymjan KURAMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby