Häzirki wagtda dünýäde ylym-bilim ulgamy, ylmy we tehniki açyşlar ösüşleriň esasy güýji hökmünde hasaba alynýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym, bilim ulgamlary döwlet durmuşynyň baş ugry hasaplanýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy emjanlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Milli ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge berýän ünsüniň netijesinde ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalrynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär.
Biz wajyp innowasion tehnologiýalary içgin öwrenmek, olardan baş çykarmak ukyp-başarnygyny hem dünýä tejribesini düýpli öwrenmeli bolýar. Häzirki wagtda adamzadyň gündelik durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, geljege şamçyragdyr. Bu babatda alnyp barylýan işler uzak geljegi nazarlaýar. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolan toplumlaýyn işler ählumumy abadançylygy, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär. Munuň üçin biziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowana ýolda rowaçlyklara beslensinǃ
Bägül BOZAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň talyby