Altyn, ýeriň esasy düzümindäki gurşundan has ýygydyr. Şeýle-de bolsa, onuň ýeriň üstünde bolmagy köpden bäri syr bolup gelýär, sebäbi altyn atomlary çuň gatlaklarda galmagy makul bilýärler.
Taslamanyň netijeleri
2024-nji ýylyň 29-njy dekabrynda halkara gözlegçiler topary bu köp ýyllyk meseläni çözüp biljek netijeleri yglan etdi.
Eredilen gaýanyň ýa-da magmanyň ýeriň mantiýasyndan altyn göterip biljekdigini görkezýän model hödürlediler.
Topara Hytaý, Şweýsariýa, Awstraliýa we Fransiýa hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk eden Miçigan uniwersitetiniň alymy Adam Simon hem girdi.
Aýagymyzdan birnäçe kilometr aşakda ýerleşýän ýeriň mantiýasy ýokary basyşly we ýokary temperaturaly ýerdir. Altyn atomlary köplenç şol ýerde galýarlar, ýöne adamlar asyrlar boýy ýer ýüzünden altyn gazyp alypdyrlar.
Alymlar altyn atomlaryny ýokary galdyrýan mehanizm bilen gyzyklandylar. Gözlegçiler bölekleýin eremek we üýtgäp durýan suwuklyklar ýaly prosesleri öwrendiler, ýöne şu wagta çenli altynyň hereketiniň sebäbi belli däl bolup geldi.
Geologiýa okuw kitaplarynda köplenç altynyň beýleki elementler bilen himiki taýdan baglanyşmaýandygy aýdylýar. Bu adaty şertlerde dogry, ýöne işjeň wulkanyň aşagyndaky käbir ýokary temperaturaly sebitlerde özboluşly hadysany ýüze çykýar.
Kükürdiň syry
Esasy açyş, belli bir himiki ýagdaýda kükürt bilen baglanyşykly. Ýakynda açylan altyn-trisulfid toplumynyň altyny saklamak we daşamak üçin örän amatlydygy anyklandy.
Bu toplum kükürdi baý suwuklyk takmynan 50-80 kilometr çuňlukda gabyk gaýalary bilen täsirleşende emele gelýär. Altynyň gaty mantiýa ýapyşman, eremegine kömek edýär.
Öwezowa Enejan
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby