Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Aşgabat şäherindäki 131-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2024» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlar hem-de terbiýeçiler gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşýan mugallymlar özlerine nätanyş synplarda hünär ugurlary boýunça görelde sapagyny, şeýle-de synp sagadyny geçdiler. Okuwçylar synp sagatlarynda mowzuga degişli goşgulardyr aýdymlardan bölekleri, nakyllary aýtdylar. Terbiýeçiler bolsa öz iş usullary, dürli mowzuklarda geçiren terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, öwreniş usulynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplary boýunça çykyş etdiler, şeýle-de eminler toparynyň sowallaryna jogap berdiler.
Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Annamämmedowa «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň baş baýragyna, Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Güjahan Kulyýewa bolsa «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» ýaryşynyň baş baýragyna mynasyp boldular.