Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we hünär okuw mekdepleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleri adaty okuw tertibine geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berildi.
Täze okuw ýylyndan ozal bölünen synplardyr toparlar birikdirilip, okuwlar adaty çalşykda guralar.
Şeýle-de bolsa, mugallymlara hem-de bilim alýanlara ýapyk binalarda agyz-burun örtüklerini peýdalanmak maslahat berilýär.
Çeşme: Salamnews.tm