Gorogly.com — 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanda we halkara derejede tehnologiýa, emeli aň, internet, sanly ykdysadyýet, mobil tehnologiýalar, ylmy täzelikler hem-de innowasiýalar boýunça ygtybarly maglumatlary hödürleýän garaşsyz habar platformasydyr.
Biziň esasy maksadymyz, dünýäde bolup geçýän tehnologik ösüşleri türkmen we rus dillerinde (häzirlikçe) okyjylarymyza ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim we tehnologiýa medeniýetiniň ösmegine goşant goşmakdyr.
Gorogly.com döredilen gününden bäri müňlerçe makala, seljerme, ýolbelet we ýörite habar taýýarlap, tehnologiýa bilen gyzyklanýan okyjylar üçin möhüm maglumat çeşmesine öwrüldi. Sahypamyzda emeli aň, smartfonlar, kompýuterler, internet hyzmatlary, kiberhowpsuzlyk, kosmos, oýun industriýasy, startaplar we dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary baradaky täzelikler yzygiderli çap edilýär.
Mazmunlarymyzy iki dilde — türkmen we rus dillerinde taýýarlap, diňe bir Türkmenistandaky däl, eýsem daşary ýurtlardaky okyjylara hem hyzmat edýäris.
Türkmenistanda tehnologiýa, emeli aň we sanly ösüş baradaky maglumatlary hemmeler üçin düşnükli we elýeterli etmek.
Gorogly.com — Türkmenistanda tehnologiýa we emeli aň baradaky maglumatlary elýeterli edýän, sanly geljegiň ösüşine goşant goşýan platformadyr.
Gorogly.com — tehnologiýanyň, innowasiýanyň we emeli aňyň dünýäsine açylýan penjire.

Hasabyňyza giriň