«it-world.ru» neşiriniň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabr aralygynda Kazanda «Kazan Digital Week – 2024» halkara forumy geçiriler. Bu çäre «Казань Экспо» Halkara sergi merkezinde degişli adamlaryň gatnaşmagynda we onlaýn ýagdaýda geçiriler.
Ertir Kazanda öz işine başlaýan «Kazan Digital Week – 2024» halkara forumynyň guramaçylary Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş ministrligi bolup durýar. Bu halkara forumynyň esasy mowzuk ugurlary şu aşakdakylardyr:
- Akylly ulag ulgamlary;
- Döwlet dolandyryşynda sanly tehnologiýalar;
- Sanly senagat 4.0;
- Bilimde sanly tehnologiýalar;
- Medeniýetde sanly tehnologiýalar;
- Täze döwürleriň kiberhowpsuzlygy;
- Fintech ekoulgamy;
- Işewürlige esaslanýan innowasiýa;
- Saglygy goraýyşda we lukmançylykda sanly tehnologiýalar;
- Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar.
«Kazan Digital Week – 2024» halkara forumynyň dowamynda «Казань Экспо» Halkara sergi merkezinde ýokary tehnologiýaly ösüşler, programma üpjünçiligi, enjam we programma üpjünçiligi ulgamlary, tehnologiýa we enjamlaryň enjamlaryň iş modelleri sergisi geçiriler.