Her ýylyň 21-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Halkara parahatçylyk güni bellenilýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen 36-njy mejlisiniň karary bilen döredildi. Bu şanly sene 1982-nji ýyldan başlap, 2001-nji ýyla çenli sentýabr aýynyň üçünji sişenbe güni – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenilip geçilýärdi.
Halkara Parahatçylyk gününi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirilen 55-nji mejlisiniň ýörite karary bilen 21-nji sentýabrda bellemeklik kabul edildi. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda milli we halkara derejesinde parahatçylyk maksatlaryny berkidýän gün hökmünde yglan edildi. Halkara parahatçylyk gününiň maksady ýer ýüzünde halklaryň arasynda asudalyk, ynanyşmak ýaly ýörelgeleri wagyz etmekden ybarat bolup durýar.
Nurjahan ÝOWYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby