Adamyň tebigaty özleşdirmegi netijesinde işjeňliginiň gerimini global prosesleriň täsiri bilen deňeşdirip bolar. Antropogen faktorlar daşky gurşaw üçin betbagtçylykly netijelere we birnäçe ekologiki meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bulara parnik gazlaryň täsiri, gidrosferanyň, atmosferanyň we topragyň hapalanmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüliginiň azalmagy, ozon gatlagynyň ýukalmagy degişlidir. Bu meselelere her ýylyň 26-njy sentýabrynda bellenilýän Daşky gurşawyň sagdynlygynyň bütindünýä gününde has-da üns berilýär. Daşky gurşawyň sagdynlygynyň bütindünýä güni ilkinji gezek 2011-nji ýylda Indoneziýada geçirildi. Baýramçylygyň başlangyjy Daşky gurşawyň sagdynlygynyň halkara federasiýasy bolup durýar. Baýramçylyk her ýyl belli bir mowzuga bagyşlanýar. Baýramçylygyň maksady suwdaky we howadaky zyňyndylary, balyk tutmagy we haýwanlary awlamagy çäklendirmek ýaly işlere gönükdirilendir. Bu baýramçylyk adamlary ýokary hilli galyndylary gaýtadan işlemäge, şäherçeleriň köçelerini zibillerden arassalamaga, deňizleri we ummanlary arassalamaklyga, agaç nahallaryny oturtmaga, tebigy goraghanalar bilen meşgullanmaga çagyrýar. Suw we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, bejeriş desgalarynyň gurulmagy we daşky gurşawy goramak üçin görülýän beýleki çäreler daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrar. Ekologiki meseleleriň köpüsi, tebigy deňagramlylygyň bozulmagyna sebäp bolan adamlaryň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykdy. Bu täsirler bes edilmese, ýerdäki ýaşaýşyň ýok bolmak howpy uludyr. 26-njy sentýabrda ähli ýurtlaryň ýaşaýjylary ýer togalagyny we tebigaty gelejekki nesiller üçin gorap saklamak ugrundaky tagallalara gönükdirilen jogapkärçiligi görkezýärler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby