ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministri Kristi Noem ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna (USCIS) “DV1” maksatnamasynyň (Diversity Immigrant Visa Program) — “Grin kart” diýlip hem tanalýan maksatnamanyň — hereketini wagtlaýyn togtatmak barada görkezme berendigini aýtdy.
Bu barada “Reuters” agentligi ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna salgylanyp habar berýär.
ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna resmi web sahypasyndaky maglumatlara laýyklykda, bu maksatnama her ýyl 50 müňe çenli immigrasiýa wizalarynyň berilmegini göz öňünde tutýardy.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


