«MIT» we «Singapur-MIT Alliance for Research and Technology» (SMART) toparlarynyň alymlary ösümlikleriň duçar bolýan gyzgynlygy, aşa ýagtylygy, mör-möjek hem-de bakteriýa hüjümi ýaly dartgynlylygyny görkezýän uglerod nanodatçiklerini döretdiler. Bu barada «Rysgal» gazetinde habar berildi.
Bu datçikler ösümlikleriň dartgynlylyklara garşy jogap hökmünde ulanýan täsirini sazlamak üçin ýollaýan tolkunlaryny beriji molekulany tapýarlar. Alymlar ösümlikleriň bu molekulalary dartgynlylygyň her bir görnüşi üçin dürli wagtda öndürýändiklerini we irki duýduryş ulgamy bolup biljek özboluşly nusgalary döredýändiklerini anykladylar.
Alymlar tarapyndan işlenip düzülen bu ulgam ösümlik hakyndaky maglumatlary hakyky öz wagtynda berip biler we ol islendik ösümlik üçin ulanylyp bilner. Bar bolan datçikleriň köpüsi «Arabidopsis thaliana» synag ösümligi ýaly belli bir görnüşe genetik taýdan utgaşdyrylyp, beloklaryň hemme ýerde ulanylyp bilinmeýän nusgalaryndan durýar.
Täze tehnologiýa ýyladyşhanadaky temperaturanyň ýa-da ýagtylygyň üýtgemegi ýaly seslenme döredýän ulgamlary kämilleşdirmek üçin hem peýdalanylyp bilner.